Gyrgyzystanda oba hojalyk ministriniň orunbasary saklandy, daşary ýurda et satmak gadagan edildi

Oşdaky et bazarlarynyň birinde düşürilen surat

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk we milli goranmak baradaky döwlet komiteti, ýurtda et bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda, birnäçe adamy, şol sanda oba hojalyk ministriniň orunbasaryny tussag etdi.

Milli howpsuzlyk komiteti 20-nji awgustda dört adamyň, şol sanda suw we oba hojalygy ministriniň orunbasary Samat Nasirdinowyň, weterinariýa gullugynyň müdiri Ulugbek Kojobergenowyň, mal eksporty bilen baglanyşykly korrupsiýa işinde güman edilip saklanandygyny habar berdi.

Döwlet komitetiniň habaryna görä, olar öz resmi wezipelerinden peýdalanyp, goňşy ýurda mal satmak üçin kwota berýän korrupsiýa shemasyny guramakda güman edilýär. Saklanan adamlaryň wekilleri tussag edilmeler we aýyplamalar barada aç-açan düşündiriş bermediler.

Gyrgyz ýörite gulluklary 20-nji awgustda goňşy ýurtlara mal satmak üçin korrupsiýa shemasynyň döredilendigini habar berip, bu söwdanyň et bahasynyň ýokarlanmagyna getiren bolmagyny ähtimaldygyny yşarat etdi.

Şondan soň hökümet Gyrgyzystandan iri şahly mallaryň we ownuk mallalaryň eksport edilmegini wagtlaýyn gadagan etdi.