- Russiýa öten agşam dronlardan we raketalardan peýdalanyp, Ukraina garşy birnäçe sebitde giň gerimli howa hüjümlerini amala aşyrdy
- Ukrainanyň daşary işler ministrligi bu hüjümleri ýazgaryp, ABŞ-nyň elektronika desgasyna hem-de raýat infrastrukturalaryna ýetirilen zyýana ünsi çekdi
- Zelenski, eger rus prezidenti Wladimir Putin özi bilen gönümel duşuşmagy ret etse, Birleşen Ştatlardan “güýçli reaksiýa” garaşýandygyny aýtdy
Rus güýçleri 21-nji awgusta geçilen gije Ukraina garşy agyr howa hüjümlerini amala aşyrdy. Ukrain häkimiýetlerine görä, bu hüjümler şu aýyň dowamynda edilen iň agyr hüjümler boldy.
Zarbalar ABŞ prezidenti Donald Trampyň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini hem-de ýewropa liderlerini kabul edip, parahatçylyk gepleşiklerini öňe alyp gitmek ugrunda edilen synanyşyklaryndan birnäçe gün soňra amala aşyryldy.
Gijeki zarbalaryň yz ýany, Zelenski, eger-de Putin özi bilen gönümel duşuşmagy ret etse, Waşingtondan “güýçli reaksiýa” garaşýandygyny, şeýle-de Günbatar howpsuzlyk kepilligi boýunça meýilnamanyň 7-10 günüň içinde tamamlanmagyny görmek isleýändigini aýtdy.
Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýanyň birnäçe sebitde, adam ýitgilerine sebäp bolup, hem-de ýaşaýyş binalaryna we infrastrukturalara agyr zyýan ýetirip, 574 dron we 40 raketa hüjümini amala aşyrandygyny habar berdi.
Ukrainanyň günbatar serhediniň golaýynda, Zakarpatýa sebitiniň Mukaçewa şäherinde ýerleşýän ABŞ eýeçiligindäki bir önümçilik desgasyna zarba uruldy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha Mukaçewa hüjüminiň möhüm zeper ýetmelere getirip, adam ýitgilerine sebäp bolandygyny aýtdy, hem-de bu zarbalaryň “urşy soňlamak boýunça alnyp barylýan tagallara gabat gelmeýändigini” belledi.
“Goranyş bilen ýa-da harbylar bilen asla ilteşigi bolmadyk asuda desga” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi we munuň bilen rus güýçleriniň Ukrainadaky amerikan bizneslerini ilkinji gezek nyşana almaýandygyny belledi.
Ol şu ýylyň dowamynda "Boeing" kompaniýasynyň Kiýewdäki ofislerine edilen öňki zarbalara salgylandy.
Zakarpatýa sebitiniň gubernatory Miroslaw Biletskiý bu desganyň asuda raýatlara niýetlenen önümçilik kärhanasy bolandygyny we onda esasan hojalyk harytlarynyň öndürilýändigini aýtdy. Ol desganyň “Kalibr” raketalary bilen urlandygyny we zarbanyň netijesinde 7 müň inedördül metr meýdanda ýangynyň dörändigini aýtdy.
Russiýa harby däl desgalary özüniň bilkastlaýyn nyşana alýandygyny ret edýär, ýöne ýaşaýyş jaýlaryna, hassahanalara, mekdeplere we energetika desgalaryna yzygiderli görnüşde zarba urýar.
18-nji awgustda Waşingtonda bolup geçen gepleşikler Putiniň Zelenski bilen ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmegine çagyryş edilmegi bilen netijelendi.
Şeýle-de, uruşdan soň, Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylygynda, ABŞ-nyň goldawlary bilen, Ukraina howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegi boýunça meýilnanamanyň işlenip düzülmegi babatda hem ylalaşyga gelindi
Şondan bäri, ABŞ-dan we Ýewropadan bolan harby meýilnamaçylar, syýasy liderleriň geljek ahyrky netijelerinden öňürti, duşuşyklara başlap, howpsuzlyk bukjasyny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainada ýewropa goşunlarynyň bolmagynyň “asla kabul ederliksiz” bolandygyny aýtdy we olaryň “käbir ukrain teritoriasynda bolmagyny daşary ýurt interwensiýasy” atlandyrdy.
Ol bir gün ozal Ukrainanyň howpsuzlyk meselesiniň Russiýasyz maslahat edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Putin Zelenski bilen duşuşarmy?
Lawrow 21-nji awgustda Putiniň Zelenski bilen duşuşmaga taýýardygyny gaýta-gaýta aýdandygyny gürrüň berdi, ýöne şeýle duşuşykdan öňürti, käbir meseleleriň çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy.
“Elbetde, eger-de geljekki ylalaşyklara gol çekilmegini gezek gelende, bu şertnamalara ukrain tarapyndan gol çekýän adamyň legitimligi çözüler diýip umy edýärin” diýip, Lawrow nygtady.
Putin Ukrainada uruş sebäpli saýlawlaryň yza süýşürilmegi bilen baglylykda Zelenskiniň kanunylygyny sorag astyna alyp gelýär.
Bu aralykda, Zelenski, 21-nji awgustda özüniň Trampy hem öz içine alýan üçtaraplaýyn gepleşikleri nazarlaýandygyny aýtdy.
Forum