Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýanyň yşaratlarynyň ‘gahar getirýän’ yşaratlar bolandygyny aýdýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geçen hepde bolup geçen ABŞ-Russiýa sammitinden bäri, şeýle-de ýewropa liderleriniň Waşingtonda geçiren ýokary derejeli duşuşyklaryndan bäri, Russiýanyň özüni alyň barşynyň Moskwanyň Ukrainada urşy soňlamak boýunça parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge niýetlenmeýändigini görkezýändigini aýtdy.

“Indi, Russiýadan edilýän yşaratlar gahar getirýän yşaratlar” diýip, Zelenski Russiýanyň howa zarbalaryny ýokarlandyrmagynyň yz ýany, 21-nji awgustda aýtdy. “Olar duşuşyk geçirmekden gaçmaga çalyşýarlar. Olar bu urşy soňlamak islemeýärler” diýip, ol belledi.

Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýanyň birnäçe sebitde 574 dron we 40 raketa bilen hüjüm amala aşyryp, adam pidalaryna getirendigini, şeýle-de ýaşaýyş binalaryna we infrastrukturalara agyr zyýan ýetirendigini aýtdy.

Ukrainanyň günbatar serhediniň golaýynda, Zakarpatýa sebitiniň Mukaçewa şäherinde ýerleşýän ABŞ eýeçiligindäki bir önümçilik desgasyna zarba uruldy.

Zarbalar ABŞ prezidenti Donald Trampyň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini hem-de ýewropa liderlerini kabul edip, parahatçylyk gepleşiklerini öňe alyp gitmek ugrunda edilen synanyşyklaryndan birnäçe gün soňra amala aşyryldy.

Zelenski 21-nji awgustda Günbatar ýaranlaryny howpsuzlyk kepilligi babatyndaky anyk meýilnama boýunça 7-10 günüň içinde ylalaşyga gelmäge çagyrdy.

“Biz Russiýanyň urşy bes etmegi üçin oňa basyş etmelidiris” diýip, Zelenski aýtdy we rus prezidenti Wladimir Putiniň diňe “güýç we basyşyň diline düşünýändigini” belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Zakarpatýa sebitiniň gubernatory Miroslaw Biletskiý bu desganyň asuda raýatlara niýetlenen önümçilik kärhanasy bolandygyny we onda esasan hojalyk harytlarynyň öndürilýändigini aýtdy. Ol desganyň iki sany “Kalibr” raketalary bilen urlandygyny we zarbanyň netijesinde 7 müň inedördül metr meýdanda ýangynyň dörändigini aýtdy.

Zyýan çeken “Flex Ltd.” desgasynyň halk bilen gatnaşyklar bölüminiň müdiri Konor Filips bu desgada harby enjamlaryň öndürilmeýändigini we “diňe asuda ilatdan bolan sarp edijilere gönükdirilen” önümleriň, şol sanda kofe maşynlarynyň öndürilýändigini aýtdy.

Birnäçe işgärler we şertnamalaýyn işgärleri ýaralandy diýip, Filips beýanat berdi. Alty adam hassahana ýerleşdirildi.

Ukrainadaky Amerikan söwda palatasynyň prezidenti Endi Hunder munuň Ukrainadaky iň iri amerikan biznesleriniň birine edilen “örän aýylganç” rus hüjümi bolandygyny aýtdy.

“Bu diňe bir Ukrainanyň üstüne edilen hüjüm däl. Bu amerikan biznesine edilen hüjüm bolup durýar” diýip, Hander X ulgamynda ýazdy. “Russiýa diňe bir Ukrainany weýran etmeýär – ol amerikan biznesini hem weýran edýär, kemsidýär” diýip, ol belledi.

Hander zawoda hüjüm edilende ol ýerde 600 işgäriň gijeki smenada işde bolandygyny aýtdy. Berk howpsuzlyk düzgünleri sebäpli, adamlaryň ömri halas edildi diýip ol aýtdy we bu sebitiň Ukrainada iň howpsuz sebit hasaplanandygyny, ýöne mundan beýläk beýle bolmandygyny belläp sözüniň üstüni ýetirdi.

“Biz prezident Trampy amerikan biznesine arka durmaga we Wladimir Putiniň weýran ediş kampaniýasyna garşy durmaga çagyrýarys” diýip, Hander aýtdy.

Tramp 21-nji awgustda paýlaşan social media postunda öňki president Jo Baýdeni Ukrainany has köp ýaraglar bilen üpjün etmezlikde tankyt etdi.

“Çozýan ýurda hüjüm etmezden uruşda ýeňiş gazanmak kyn, hatda mümkin däl” diýip, Tramp aýtdy. “Bu sport ýaryşlarynda ajaýyp goranyşa eýe bolan, ýöne hüjüm etmegine rugsat berilmeýän beýik topara meňzeýär. Ol ýerde ýeňiş şansy ýok. Bu, Ukraina we Russiýa babatda hem şeýle” diýip, Tramp aýtdy.

18-nji awgustda Waşingtonda bolup geçen gepleşiklerde, uruşdan soň, Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylygynda, ABŞ-nyň goldawlary bilen, Ukraina howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegi boýunça meýilnanamanyň işlenip düzülmegi babatda ylalaşyga gelindi

Şondan bäri, ABŞ-dan we Ýewropadan bolan harby meýilnamaçylar, syýasy liderleriň geljek ahyrky netijelerinden öňürti, duşuşyklara başlap, howpsuzlyk bukjasyny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Birleşen Ştatlaryň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň hem-de Ukrainanyň goranyş ýolbaşçylary 19-21-nji awgustda Waşingtonda duşuşdylar. ABŞ-ly we ýewropaly meýilnamaçylar ýaran ýurtlaryň “garamagyna hödürlemek üçin” harby seçgileri işläp taýýarladylar diýip, Pentagon 21-nji awgustda aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainada ýewropa goşunlarynyň bolmagynyň “asla kabul ederliksiz” bolandygyny aýtdy we olaryň “käbir ukrain teritoriasynda bolmagyny daşary ýurt interwensiýasy” atlandyrdy.

Ol bir gün ozal Ukrainanyň howpsuzlyk meselesiniň Russiýasyz maslahat edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Putin bilen Zelenski duşuşarmy?

Waşingtonda bolan gepleşiklerde Putiniň Zelenski bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagyna-da çagyryş edildi.

Lawrow 21-nji awgustda Putiniň Zelenski bilen duşuşmaga taýýardygyny gaýta-gaýta aýdandygyny gürrüň berdi, ýöne şeýle duşuşykdan öňürti, käbir meseleleriň çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

“Elbetde, eger-de geljekki ylalaşyklara gol çekilmegini gezek gelende, bu şertnamalara ukrain tarapyndan gol çekýän adamyň legitimligi çözüler diýip umy edýärin” diýip, Lawrow nygtady.

Putin Ukrainada uruş sebäpli saýlawlaryň yza süýşürilmegi bilen baglylykda Zelenskiniň kanunylygyny sorag astyna alyp gelýär.

Bu aralykda, Zelenski, 21-nji awgustda özüniň Trampy hem öz içine alýan üçtaraplaýyn gepleşikleri nazarlaýandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG